Täze reallyk

Ejem pahyr diýerdi:
Bolmaýarmy kakaň ýaly,
oba gelip, çagalary okatsaň,
uzagrak bolsaň gözünden hanyň...
Indi pahyr, belki, görýändir daşdan,
obany, mekdebi nädenin sanyň,
bisanlaryň birek-biregi goldap,
ýalan ýazýan gazetleriň işini,
gazanylan ösüşleriň TW-de
nädip günde iliň owşun dişini,
ogluna, gyzyna, agtyga dönük,
ak sakgally gojalaryň ýalany,
ak gyňaçly ejeleriň ýalany
hyzmat edýär elin çermäp kümsüge,
döwlet äri diýýän özüne, emma
diýerdi ýa umyt ederdi millet,
sowular bu bela, dert bolman hemmä,
iki-ýeke aýdan-diýeni basyp,
sürgün edip durar döwlet, säginer,
ýok, bolmady, ýalan çykdy tamalar,
soňy gelmän dowam edýär kemsitme,
bilinmän däl, bilip ýapylýar işler,
elini, aýagyn daňýarlar iliň,
baglaýarlar ýollaryny, maşyny
birden gowy edýämesin durmuşyn,
ýaşaýyşyn gaýgy etsin her agşam,
gorksun diýiň ýalaňaç il has beter,
iki-ýeke possunlyny urýarlar,
basgylanan millet busýar, çekilýär,
yzda ýol däl, ýer ýok durmaga diýmän,
diňe ýalan ýaryşyna goşulan,
özün satan ýatýar özüni iýmän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024