Surat

Bilinýän ýalan

Öňem birniň aýdyşy dek,
olar ýalan sözleýärler,
hem bilýärler özleriniň
ýalan-ýaşryk sözleýänin,
bilýänini iliň ony,
görýänini gündiz, gije,
medianyň ýüzi galyň
adamlaryň nälet okap,
ýokmy diýip utanjyňyz,
öýlerinde ýa ikiçäk
gürrüň etse dosty-ýarlar
gülýänini bilýär olar,
garry-gurty diýerdi öň,
ozal beýle däldi bular,
utançdy öň ýalançylyk,
sowetlerden öwrendiler,
şahyr, ýazar, žurnalistler
başyn çekdi, ýaryşýan dek,
ýalançylyk moda boldy,
kada boldy ýalan wada,
eger biri çynçy bolsa,
aýtjak bolsa dogry sözi,
halky bilen uruşýan dek,
dalaýarlar ýat it ýaly,
o köçeden gelen agşam,
“Ýalan-ýaşryk heň etmese,
neşe tapmaz ýeke bagşam”,
diýip toýda öwünýär il,
ýykylany basyp aşak,
oda atmak dessur indi,
bilýär döwlet, ýanýar millet,
ikisi-de bir kesindi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024