Ýalňyzlyk sapagy
Stiwi Smitiň äheňinde
Seniň bilen durmaz kimse bakyýa,
suwa girseň, oda ursaň, gaçarlar,
diýmek öwren daýanmagy özüňe,
ýogsa sepiň sepletmezler, açarlar,
gaýyklaryň edip deşiler ýaly,
gark bolýaryn diýip, galgatsaň eliň,
gelen bolmaz, goşgusy bu Stiwiň,
galarsyň ses goşup sesine ýeliň.