Adam oýny
Meni oýnan bolýan oglan,
seni oýnan bolýan oglan,
ony oýnan bolýan oglan,
bilse käşgä özgäni däl,
ilki özün oýnaýanyn,
ot-ojaksyz gaýnaýanyn,
dökülýänin çogup suwsuz,
adam ogly, taňka ýaly,
gara köýük bolan daşy,
ýöntem, sada, okan zady,
gören zady az bolsa-da,
gyşy oýnan bolar gülüp,,
käşgä şeýtse, ýaz gelsedi.