Pul garyndaşy
Wezipeli günüň, kürsüli günüň,
eliňe, jübiňe seredýän ýakyn,
türmä düşseň, ýatsaň gözüň garaldyp,
bir manat getirmez öýüňe seniň,
çagalary galdy diýip yzynda,
emma çyksaň, gaçsaň ýurtdan jaň eder,
maşyn aljak, pul ber diýer, işsiziň
kömek pulun alýanyňy eşidip,
ýok diýersiň sypaýyja ýylgyryp,
hüňürdi, öç, kineli gep gutarmaz,
näme diýseň, gara sanaw, pismydan,
seniň üçin gysylandyr, urlandyr,
pikir etseň,, iniň başlar üşüdip.