Sen we güman

Sen näme üçin özüň iýmeli dişsiz,
ýapyşmaly çüýrük dünýä, uçutda
bile uçjak töňňä ýapyşan ýaly,
näme üçin garaşmaly hoş söze,
ýaşmagyny çeýnäp öljek sürüden,
näme üçin güman, iman çukuryn
gazmaly sen daga çykyp, aşakda,
gowaklarda busan edýärkä hezil,
ertir mundan gowy boljak mysaly,
ýa ogurlap, köşgi-eýwan gurunan
bükgüldäp otyrka altyn-kümüşli
haltalaryn basyp, mäkiýan ýaly,
bolmaz ahyr özüň çöpe, çalama
atan ýaly, barmak boşuň toýuna,
ýa çagyrmak ony sylap öýüňe,
bil özüňi, tana, tereziň daşyn
eliň tersi bilen zyňma-da aýlap,
olar nirden bilsin seni, agramyň,
hiç haçan öz ýolun bilmedik saýlap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024