Iliň üçin

Ýurduň üçin günde işle, ýaltanma,
iliň üçin günde işle, ýazgytdyr,
sekiz sagat bilen gutarmaz işiň,
besdir, walla, diňe maňa gerekmi,
diýme bir gün ýagdaýymy bilerler,
ýeke goýman, gol bermäge gelerler,
umyt etme ýok ýerinden ýardamy,
gowy tana iş salyşýan adamyň,
milletiňi, oda, suwa ýykylan,
göwni döwlen, egni döwlen, aslyşýan
bir-birinden, bahyllyga çolaşyp,
rysgal diýýän para alsa zor bilen,
emel ýetse, ejizini talaýan,
bilimsizi, aamy aldaýan günde,
wah, işim-dä diýen bolup nalaýan,
tana, ertir uly aždarha bolar,
bir, iki däl, belki, müň bir kelleli,
her kellesi “para” diýip gygyrýan,
berilmese ot syçraýan agzyndan,
çünki onuň ýangyjy ol, benzini
gutaran dek durjak eçilmese il,
kesip alyp çagasynyň agzyndan,
üstesine çekip tonnalap minnet,
ýurduň üçin günde işle, maňlaýdyr,
ezijini goldap, ölýärkä millet.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024