Gowy adam
Gowy adam bolmak hakda,
bolmak hakda gowy ogul,
gowy uýa, aýal dogan,
gürrüň etme joşup, assa,
bilen bolup, okan bolup,
ýarysy çyn, ýaryn toslap,
gowy bol sen hakykatda,
iş ýüzünde, aňsat iş däl,
goý, özgeler palçyk edip,
arzuw etsin ýatyp agşam,
kerpiç bolar ertir diýip,
garaşsynlar ak jaýlara,
çöp çatmada bir iş edip,
ertir doglan çagalary
alym bolar, okaman hiç,
gybat etsin iller üýşüp,
ýa otursyn dymyp çetde,
ýa-da içsin arak, şerap,
nasyn atsyn, çeksin çilim,
bu öz işi her adamyň,
belki, ýeten derejesi,
seniň işiň özüň diňe,
goý, kim uýsun haýsy dine,
gowy adam bolmak hakda
gürrüň etme, bolaý ýöne.