Gul we pul karty
Gaz tölegi, tölenmedik,
ogurlanan pullar hakda,
ýa sowrulan saga, sola,
biljek bolup hakykaty,
açjak bolup iliň gözün,
gözläp, tapyp, sorag berip,
bilip biljek adamlara,
işin edýär žurnalistler,
etjek bolýar, kynda bolsa,
hemmesi däl, dogry tankyt,
syýasatçy, çemeçi han,
atdan agan, agdarylan,
eli hapa, köňli hapa,
diňleýär-de žurnalisti,
söhbetdeşin gulak gerip,
ýa-da okap derňewini,
çykyş edýär arlap ertir,
ogurlanan pullar hakda,
nirede ol, haçan, nädip,
nirelerden çykdy, bilmän,
wada berýär aglak ile,
eger-de men alsam ýurdy,
jübiňizde biliň puly,
guluň guly kän, elbetde,
ýöne has kän puluň guly.