Surat

Hudaý bilen adam parhy

Epikuryň äheňinde

Hakyň, Allaň adamlaryň
dileglerin, dogalaryn
diňlemäni gowy, belki,
ol diňlese, gulak assa,
bir-birine garşy halky,
gargaýany içden, daşdan,
arzuwlaryn amal etse,
kim galardy munda bu gün,
onuň üçin adalatly,
bar zat gowy, owadanmyş,
diňe adam pikir edýär,
görýär gözi bilen baryp,
bölýär dünýäň işlerini,
halal diýip, haram diýip,
öz göwnüne, niýetine,
ýa nebsine görä, ejiz,
şondan itler üýrýär dynman,
a kerwenler gidýär geçip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024