Okadygyň, bildigiňçe
Okadygyň, bildigiňçe,
bilmeýäniň köp boljagyn,
unutjagyň okanlaryň,
ýazanlaryň, okaman soň,
bilen bolsaň, belki, erbet
bolardy has şu günkiňden,
okamaýan, okamajak,
okanyna düşünmejek,
kelte ýa-da ters düşünjek
süri bilen örä gidip,
dolanardyň giçlik argyn,
ýok kellede, ýürekde zat,
hoş bolardyň bütin ömrüň,
boş bolardyň bütin ömrüň,
daş bolardyň özüňden has,
tapmak pikrin etmän ony,
suwda, düzde bolman guwwas.