Gereksiz dost
Plutarhyň äheňinde
Maňa beýle dost gerek däl,
başym atsam, başyn atýan,
ýa ýaýkasam, ýaýkap ony,
üzjek bolýan kellesini,
dosty ýaly wezipeliň,
pikiri ýok, ýok duýgusy,
depder bilen galam bolan,
boýny almaň sapagy dek,
men pikirim üýtgedemde
üýtgedýänler meniň bilen,
göwnüm üçin, zandy ýalan,
maňa beýle dost gerek däl,
geregi ýok pikirdeşiň,
men otursam, oturýan sus,
men dikelsem, tarsa galýan,
gülsen gülýän kikirdeşip,
ýa gözüme ýaş aýlansa,
gözlerini sylýan gury,
derkary ýok beýle dostuň,
ody ot däl, suw däl suwy,
çünki onuň edýänini
kölegäm has edýär gowy.