Guty medeniýeti
Eduard Galeanonyň äheňinde
Şeýle boldy bize ýeten zamana,
merhumlardan möhüm boldy ýas, matam,
ýa söýgüden möhüm boldy toý, şowhun,
daşky görnüş möhüm boldy mazmundan,
ýalan joşgun, ýalan yhlas satyyldy,
geçdi, çünki alyjysy kän çenden,
galyp boldy öz-özüne adamlar,
hem hemmesi ýakynyndan zeýrenýär,
sylan bolup ýolda ýedi ýatlary,
bu bir guty, bir enaýy dolanan,
ýek ýigrenýän içindäki zatlary.