Ogurlyk küýzäniň suwy
Ogurlyk küýzäniň suwy
bolmazmyşyn sowuk, süýji,
emma adam, çig süýt emen,
özi ogry bolsa ilki,
ogurlyga şärik edip,
dili kelte etjek tilki,
şagal oýnun gurar saňa,
ýa bolmasa garalajak,
hapa etjek bolar adyň,
adam ogly, gypjyn-gypjyn,
barmaz ýaly golaýyňa,
bilmez, aňmaz saňa kümsük,
iki ýüzliň gerek dälin,
ogurlyk küýzäniň suwy
içdigiňçe bozar päliň.