Sen we millet
Eger-de sen aýdyp, diýip bilmeseň,
ýa bilmeseň görkezmegi wagtynda,
işiň bilen, dişde-dyrnak ýapyşyp,
kimdigiňi, nämedigiň illere,
iller aýdar seniň kimdigiň ýa-da
nämedigiň basyp-basyp ýüzüňe,
hem ynanar aýdan zadyna özi,
dürtüljek bor barmak bolup gözüňe.