Gara jipli we biz
Aýal dogan, aga, ini,
daýy, ýegen razy däl,
razy däl türkmen ili,
bilýärsiňiz, bilýär hemme,
emma ilde kümsük-de bar,
azam bolsa köplük ýaly
karam işi goldaýanlar,
haram işi goldaýanlar,
ýeke duşsa diýýär bary:
Alajym ýok, wah, nädeýin?
Bilýärsiňiz bu gepi siz,
biz bilýäris, il-de bilýär,
emma gara jipli ýolda,
garaldylan aýnalary,
gara äýnek dakyp, belki,
göze derek ýüregine
sürýän adam il üstünden,
tutulary ýapyň diýýän,
açmaň diýýän äpişgäni,
aýryň diýýän oýunjagy,
görünmesin aşakdan zat,
belki, bilýär, ýa bilmeýär,
wagtyň işi, sagat onuň
peýdasyna işlemeýär.
Biz bilýäris, il-de bilýär,
razy däl türkmen ili,
gaçyp çykýar başarany,
käbirileri getirilýär,
gullar ýaly, gaçan, tezen,
wagtyň işi bular, jipli,
özüň alda, beslen, bezen!