Musallat
Ýurt başlygy, awtobusda,
uçarlarda suratyny asdyrýan,
mekdeplerde, meýhanada, meýlisde,
toýhanada güjeňleýän suratyn,
garyp halkyň gözlerine basdyryp,
sögülýänin, gargalýanyn bilse-de,
diýýär dünýä hakykatda galak biz,
masgara biz, emma ondan ölen ýok,
ýöne özün aldan bolýar, kemakyl,
samsyk ýaly seredýänler daşyndan,
ýurt başlygy, akyly kem, milleti,
hem özüni aýlap urýar başyndan.