Mamla adamlar
Ol adamlar, sowet soňy diýilýän,
halamaýar ogry-jümri baýlary,
kanunlaşan, para alýan, horlaýan,
ýokarkylar goýmaýarmş hamala,
käte işim edýän diýip zorlaýan,
namysyny basgylaýan ejiziň,
emeldary örän ýigrenýär millet,
emma bolsa ogry-jümri özünden,
agasy, inisi, doganoglany,
çykany ýa ýegen ujy, garyndaş,
tiredeşi bolsa, uzadýan elin,
kömek edýän, dogry, kanuny bozup,
gowy görýär olar, aklaýar ony,
näme etsin diýýär, tutulsa birden,
hemme edýär, diňe ýeke özi däl,
döwür ogry, durmuş ogry, ýurt ogry,
ol adamlar näme diýse, “häsin” ber,
garşy çykma, bolmasa-da muň ýaly,
dünýe döräp, görülmedik täsin ýer.