Durmuş oýny
Durmuş diňe oýun, tomaşa bolsa,
tapan-tupanyňy geýip barmaly,
bezenmeli, göz gapdyrýan ýalpyldyň
näçe ýiti bolsa, çişip durmaly,
görünmeli adamlara görünmän,
ýylgyrmaly pikir-oýuň ýaşyryp,
etjegiň içiňde, ýöne ýalany
şaglatmaly goşgusy dek Pyragyň,
iň esasy gowy bolan bolmaly,
ateist bolsalar ataeist bolup,
diniň döwri gelse, dine geçmeli,
baý bolmaly, ýa baýsyrap kämahal,
eýläk-beýläk ownuk şaýy seçmeli,
millet diňe bolsa oýunçy, gülýän,
ýa aglaýan, emma gözýaşy ýalan,
görünme, gaç, özüň bolma, bolmasa
gitdigiçe köp bor taýak, daş salan.