Içiňdäki duşman

Ip Manyň äheňinde

Sen içiňde goşun basan
gorkulary gorkuzmasaň,
ýa ýigrenji, gahar-gazap,
bahyllygy basyp bilmän,
ýesir bolsaň ellerinde,
ýüz ýyl ýaşa, peýdasy ýok,
görgi bolar görjegiň täk,
emma ýeňseň, her bir günüň
lezzet bolar ýyllyk, belki,
sen içiňde gorkyňy ýeň,
daşyňdaky güýçden ilki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024