Garyplyk

Biri durýar, pyýadany
goýbermeli, ýol belgisi
dürtülip gözleriňe,
beýlekisi säginmeýär,
ýa has beter basýar gaza,
işi gyssag, belki, örän,
durmuş şeýle, ýetişmeli
işe barýar ýerden ýörän.

A pyýada görýär, durýar,
garaşýar ol, çünki bilýär,
ulag ýeten ýa ýetmedik,
her hiliräk adam bolýar.

Käbirisi sada, gowy,
pyýadany, özün sylar,
a beýleki, kän bolmasyn,
gelen ýaly almaga ar,
öçli bakar ýa-da bakmaz,
görmedik bor adamlary;
görýäň muny günde ýolda,
hemem özüň duýýaň garyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024