Ogurlanan ömür
Başgalary basyp, talap,
ezip çaga-çugasyny,
tans etdirip gyzlaryna,
sen owadan ýaşamarsyň,
ýaşamarsyň süýji, hezil,
görünseň-de göz güldürip,
eliň çarpyp çala, ýuwaş,
oýun edip durmuş bilen,
dünýe bilen, ýalançymyş,
ýok, bu ýalan, wyždanyňy
iiýip, içip gutarsaň-da,
ýa dogulan bolsaň onsuz,
sen adam däl adam ýaly
ýaşamagy başarmasaň,
adam bagty seniňki däl,
seniňki däl onuň maly,
ogurlanan, ogurlan soň
saňa jennet bolan saly.