Gorkuzýanyň gorkusy

Seni gorkuzasy gelýäniň çyndan,
düşün isleýäniň bolmagyň ýuwaş,
hem dymmagyň ähli ýerde, ýaşmakly
ýaşamagyň iller ýaly pyşyrdap,
bilýän, ýöne bilmeýäni oýnaýan,
görýän ýöne, görmeýäni oýnaýan,
düşünmedik bolýan urulsa özi,
çagalary aç-hor bolsa, sürülse
gowaça meýdany, “ak altyn” bagty,
telewizor tapsa, guçýanyň gije
biri bolup galmagyňy isleýän,
bir däl, iki, has köp adam, belki-de,
gorkýar seniň bir gün bilip bilýäniň,
görýäniňi görkezjegiň ulusa,
ýa açjagyň aç gözlerin ölýäniň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024