Durmuş gaýy

Sen gitara çalýan adama bakyp,
iýýän sazy barmagynyň ujunda,
synlap onuň sazdan alýan lezzetin,
ýok sazdan däl, senedinden, belki-de,
gije-gündiz ýar, ýassykdaş edinen,
ýa-da synlap pianina çalýany,
çaga heniz, oýnan ýaly oýunjak,
ýa-da ýüwrük, marafony baglany,
ýa-da başga, haýran eden köpleri,
guwandyran, bahyl bolsa has beter
heläk eden adamlary göreňde,
ýa şahyry, goşgusynda ýaşaýan,
ýazyjyny, hudožnigi ýigrenme,
bagty gelen, diýme ganyna guýlan,
ýa bolmaly ýerde bolan wagtynda,
zähmetini syla adamyň ilki,
yhlasyny syla adamyň ilki,
sebäbi nirede, nähili dogul,
ýa kim bolsun eneň, ataň, doganyň,
zähmetsiz kyn, azapsyz kyn, taýyňy
at edýänçäň it bolmaly dünýe bu,
hem bir özüň geçirmeli gaýyňy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024