Nobatdaky pygamber

Olar ejiz, ýöne gülme, oýun däl,
ýok etdiler öňem birin, bilmedi,
belki, soňky demine çen oýnatgy,
ulus ili oýnan bolup oýnatdy,
magarabaz, hatda ölüp ölmedi,
köşge gelip, sirke öwüren ony,
galdy uly çagalaryň aňynda,
ak sakgally, ak gyňaçly, aslynda
sirke gelen körpe ýaly, ejesi,
ýa kakasy bilen, horazsüýjüli,
süri bilen ýaşaýar ol, saklanýar
görüp halkyň boşlugynda güýjüni.

Olar ejiz, ezilýärler, gulçulyk,
ynanýarlar ýazylypdyr, bozulmaz,
ýöne ýeser oýnaýarlar oýnadyp,
başa çykan, alaç tapman, kim bolsun,
biri ölse, nobatdaky oýnatgy,
sahna çykýar erni ýyrtyk, çatylmaz,
aýaklary ýere degenok, ýagşy
ýaman bolýar ýalan sözläp bilmese,
pikir edýär baky gelen, gitjek däl,
pelek, zalym, guş dek tutjak, ütjek däl,
adam ýaly ýaşajaklar duşmany,
olar höçjet, bir ol halal, höçjet däl,
ýek ýigrenýär oýnamadyk ärleri,
pygamber ol nobatdaky, dogurýar
öwüp yzdan pyçak urýan pirleri.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024