Durmuş oýny
Durmuş meni urdy diýip,
ses etmegiň peýdasy ýok,
peýdasy ýok saç ütmegiň,
jabjynmagyň birlerine,
bolubilse özüň ýaly,
ýa-da egsik, çöken ýolda,
durmuş meni urdy diýip,
ýykdy diýip ýolda galma.
Diýme durmuş adalatsyz,
ýa-da hudaý, baýa berýän,
enem, atam urdy diýme,
doganlarym sylamady,
sylamady il-ulusym,
güzerany ýetde-gütde,
soňy gelmez sütem etdi,
etden ötüp, süňke ýetdi,
durmuş diýme, adamlar diý,
biri-birin çüňke itdi.
Tur ýeriňden, ýatan bolsaň,
döşüňi tut atan bolsa,
aç gujagyň ajal gelse,
tans et, tango tansyn diňe
ölüm bilen, ömür bilen,
alyp gitse kim pökgüsin,
bolýar diýip bolaý ölen.