Stoik pähimi

Iň ozaly saýla hem seç özüňe
bagly zadyn, bagly dälin dünýäniň,
garym-gatym etme özüňi, ili,
ýok zatlary hyýalyňa getirip,
gaýgy etme entek gelmedik sili,
bökjekledip kelläň ýaly daşlary,
dowla düşme ertir üçin öňünden,
ýaşa şu gün ýaşan ýaly içinde,
görünýän hem görünmeýän gullaryň,
meýdana çyk, diňle dünýäň sazyny,
yslaryn al açylmanka gülleriň,
oka kitap okanlary uzakdan,
ele alyp, waraklaman gatlaryn,
her gün az-kem ozalkyňdan gowy bol,
kynçylykdan gaçma, gaçma soragdan,
düzet özüň, üstüň-başyň kak günde,
topla, toplan, hiç kim saklamaz ýaly,
çüýrük bilen durup çüýreme, bende,
bir ýeri däl, öz-özüňi basgylap,
ýöre, öwren beýikleri, geçenler
dür dänesin seçip gitdi yzynda,
düşün, mydam ýatda sakla, ölýärsiň,
geçegçi sen, dik dur ýa-da dyzyňda,
başyň aşak ýaşa, sanalgy günüň,
goýma şu gün görjegiňi ertire,
sen nirden bilýäň boljagyn onuň?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024