Zaýalanan senet
Altyn sözüň zaýalama,
gulaklaryn dykýan üçin,
gaçdyňmy gaç gaçan ýaly,
geljek bolma yza göçüp,
ýa gaçsalar yzyň yzlap,
gözläp gowy usullaryn,
gürrüň berme geçen ýoluň,
daşlaryny itip, aýryp,
zaýalama kümüş sözüň,
gaýry bolup galar gaýry,
mis sözleriň zaýalama,
görüp durkaň ýüzün, gözün,
ynanamok diýýän saňa,
ynanmaýan özüne-de,
çemeçiller nätdi ozal,
näme diýer ýene-de soň,
wagt ýitirme goşgy ýazyp,
gynanarsyň senede soň.