Aklyň bolsa
Aklyň bolsa, diýme ol ýa beýleki
erbet, pylan, a men gowy, owadan
niýetim bar ile-güne peýdaly,
gowy oglan, tanalmaýan adam ýok,
aýt, näme etdiň, näme jogabyň,
ýa etmeli ulus bolup, birleşip,
bölme ili, gybat etme, ýeterlik,
batýarys biz, çünki gämimiz deşik.