Goşgy we il
Goşgularymy diňläp, ölmezlerinden öň uzakdan sagbol iberen ildeşlerimiň ruhuna bagyşlaýaryn.
Goşgy bolsa bir taraply, bolmaýar,
bir taraply ýürek bolmaýar çünki,
goşgyny okasaň, ýürekden gelen,
beýni bilen taraşlanan soňundan,
diri doglan, öli doglan goşgy däl,
näçe ursaň, aglamajak wägirip,
beýleki tarapda oturan millet,
ildeşleriň, dildeşleriň, düşünýän,
geregi ýok getirmegiň çagyryp,
eger bolup biljek bolsa birisi,
häsin berer, çydamaz il ölse-de,
çynyň aýtsaň, baş galdyrar dirisi.
Mysal üçin, diýseň: Eý, doly-soly,
bize diýen ol gün dälimi, säli,
ogry-jümri, ýurdy ýykdyň, taladyň,
ýalan bolsa aýdaý bolma-da loly!..
Nirede bol, ýat illerde, yzyňdan
habar geler: Sag bol, arkaňa kakýan!
Goşgy bolsa bir taraply, bolmaýar,
o bir iliň gany, towlanyp akýan.