Surat

Hiç bolmasa

Sen kanuny haly edip düşenen,
aýkgaply geçýän üstüne günde,
adama ýa toparyna milletiň,
kada-kanun bolan sözi, islegi,
ýa dindara, din-amany pul bolan,
ýa bir süri, çopanyna mynasyp,
barýan bolsa uly ýoldan ýol bermän,
ahlak hakda, ynsap hakda, din hakda,
ýa ýönekeý ynsan sylagy hakda,
rehim-şepagat hakynda ile,
ýetim-ýesir, naçar galan ýüz ýyllap,
akyl satma, bardyr diýme hakykat,
ýa-da hudaý, jeza berjek, o biri,
ýa birleri bilýär edýän işini,
ýa kim, näme başdan ýaradan, piri,
bilýär olar seniň halyň, gizlin däl,
gülýär olar, görýär halky kösenýän,
çäresi ýok, batyrsyrap, aslynda
kartyň açyp, utulýanyň görkezme,
hiç bolmasa, biz halta tap büzmekli,
garaş bolup bagdan asylan süzme.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024