Žurnalisti tanaýanlar
Žurnalistiň kimdigini göreşýän,
diňe ady žurnalist däl, ýaşmakly,
hökümetiň sadyk guly mydama,
orden alýan, at-dereje berilýän,
sanyň däl-de, janyn berýän işine,
žurnalistiň hünärini, kesbini,
nämedigin onuň edýän işiniň,
il-ulusy bilmese-de kämahal,
güzeranyň guly bolan, başagaý,
edil anyk özi, milleti üçin,
görmese-de onuň ýüzün jemagat,
iň bolmanda aýda, ýylda, azaşyp,
uzak ilde galsa žurnalist, ýesir,
mysal üçin, uruşdan soň galan dek,
emma galamlary gaçmasa elden,
birisi döwülse, beýleki taýyn,
ýazsa, aýtsa aýdylmaly sözleri,
halky ezýän, ezjek bolýan ýene kän,
hökümetler nirde bolsa görerler,
eşiderler onuň diýýän zadyny,
ýazýanlaryn ilik-düwme okarlar,
hemem belli, sem etmägä sesini,
ýok etmäge dogry sözi, aýdylan,
tonna-tonna pul dökerler, milletiň
gözüni, gulagyn baglamak üçin,
hüjüm eder olar namart, arkadan,
urar bolsa, agyrýan ýer agtaryp,
naçar enesini alyp nyşana,
atasyny, ömür beren işine,
doganlaryn ýesir eder hökümet,
žurnalisti ýykmak, entetmek üçin,
ýöne diňe hökümet däl, ganymy,
ýagysy köp bolar ýeke sözliniň,
mysal üçin, nobatdaky göýdükler,
kökümeti aljak bolsa, başarsa,
gündizine çyra alyp eline,
güýçli sözi gözleýänler bilerler
žurnalisti, zandy ýalana duşman,
hem etmese diýenlerin, galamyn
döwjek borlar üýşüp, etdirip puşman.