Saýlanmadyk ykbal
Ölüm bilen kart oýnaýan milletiň,
kartlaryna seretmeýän hiç haçan,
üstesine açyp elin, gizlemän,
şahyry bol hemem diýseler gygyr,
diriligiň duýgularyn ýatyrman,
oýarjak bol, saklajak bol gaflatdan,
sesiň çyksa, kesmeseler ymykly,
işden soňky işiň edin goşgyny,
diýseler, belki-de, diýerdim bolman,
emma ykbal soramady, gelmedi,
geňeş salyp, walla, biljek bolmady,
näme bolmak isleýärin, islämok,
ýa-da barmy başga pälim, niýetim,
ölüm bilen kart oýnaýan milletiň,
eli açyk, şahyry men, alaçsyz,
gelenini ýazyp, kagyz götersin,
öz-özümi bejerýärin gündelik,
okamak ýa okamazlyk öz işi
ýöne belli gelende ýok geçmejek,
ölüm bilen kart oýna sen, oýnama,
diýýär içim ýok oň meýin içmejek.
Ölüm bilen kart oýnaýan milletiň,
biljek bolman nämesi bar elinde,
okamaýan ýa okajak bolmaýan
gözlerinden kartlaryny seredip,
oýun edýän oýun näme, düşünmän,
gülýän iliň şahyry men, goşgyny
okamaýan, okamajak, bilmejek,
kitap satsaň işiginde gygyryp,
bu kim, näme satýaň diýip gelmejek,
seretmejek penjireden, belki-de,
emma ölüm bilen oýnaýan para,
ýa-da çilik, taýagy ýok elinde,
gowy penjek geýip gelen egnine,
owadan sagatly, äýnekli gymmat,
çarçuwasy ýalpyldaýan çyrasyz,
öz-özünden, belki, berlendir sowgat,
ölüm ony utýar salymyn bermän,
gynap utýar arasynda, keýp edip,
türmeleri doly, açlyk, gedaýlyk,
ile bolsa, ölüme ne, işini
edýär günde agzyn ölläp wiskiniň
gowusyndan, gymmadyndan, köreýän,
kül bolan dek uzyn, inçe çilimin
öçüp-öçmän otlap agzyndakydan,
şahyry men şeýle iliň, ýüzümi
ýuwýan günde goşgy bilen, akydyp...