Ýesiriň ýesiri

Iller näme diýer diýip gypjynyp,
gaýgy edip ýer-ýesiriň diýjegin,
ýesirleriň arasynda baş egip,
ýaşan adam gowy bolmaz ýesirden,
tapsa tapsyn aladasyz iýjegin,
ýa geýjegin, toýdan toýa gatnasyn,
iller näme geýse, geýip egnine,
diýsin iller näme diýse, gaýtalap,
hiç özi däl, bolsun diňe göçürme,
gülen bolsun gülýänine olaryň,
tankytlasyn tankytlanyn düşünmän,
ýa düşünip, bahyllykdan, başagaý,
biri-birin saklan bilen saklanan,
ýoldan galan bolýan wagty bagtyýar,
ýola çykan ýoldan çykan çaklanar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024