Durmuş hakda gürrüň etseň
Gülen borlar, bu bir kada,
ýöne siňe seredeňde
güler ýaly zat ýok munda,
adamlaryň durmuşy bar,
çylşyrymly, ýönekeý däl,
goýulmadyk öz gününe,
goýulmajak geljekde-de,
bir-biregi ezmek üçin
nämeleri etmedik biz,
nirelere gitmedik biz,
ýa gelmedik nirelerden,
gülen borlar, çyn gürrüňe
tapylmasa gaýrat birden.