Görünmeýän pälwan

Öň öňkini, indi muny
goşgy, gazal ýazyp berip,
oýnan, ýene oýnaýanlar,
gazanç edýän çep elinden,
ýüregini gyra aýryp,
oýnatgynyň, ýazylany
okamagy başarmaýan,
kesesinden seredende,
soraýaryn özümden kän,
gyrylýarmy içi gülüp,
ýa agysy tutýar, ili
gülki etdim dünýä diýip,
ýa deň bolan ýeňse, ýüzi,
öň öňkini, indi muny
gülki eden ýykdy bizi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2023