Üşük etseň
Her adamdan, üşük etseň,
wagtyň bolsa artyk-süýşük,
ýa säginseň sähel ýolda,
salamlaşyp, gep-sözünden
bir zatlary öwrenersiň,
öwrenersiň gülküsinden,
agysyndan adamlaryň
ýüregini, päl-niýetin,
dos-doly däl, azda-kemde,
açyp-açyp, sandyk ýaly,
käsi täze, ýalpyldaýan,
içi biraz böwşeň ýöne,
beýlekisi hyryn-dykyn,
kän açylman duran, köne,
dykgat etseň her sözüne,
hem özüňi öwrenersiň,
wagtyň bolsa ýa terezi
bolup bilseň öz-özüňe,
öz tarapyň daşyn agyr
ýa kem etmän beýlekiden,
çünki bilip ýaşan gowy,
ýok başga zat alyp giden.