Utançsyz adam

Ol adamyň ýeke beýik,
uly bagty bolsa gerek
utançsyzlyk, bihaýalyk,
ýüzi galyň, alla kimsä
eçilmesin beýle ömri,
günäkär dek özi, ýüzi
gyzar hatda peçde kömrüň,
ýakylýan dek gara bolup,
emma onuň hiç gyzarýan
ýeri bolmaz, hudaý gargan,
dogulypdyr şeýle, meger,
ýa ogurlyk, ägirt uly,
iliň bagty, ýagty günler,
jübä salnan, para diýip,
ýok edipdir utanjyny,
ýatan wagty lak-luk iýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024