Terror ýoly

Olaryň ählisi, bary gorkuda,
ýüzi ak tam, şol bir ýoldan barýarlar,
başy aşak barysynyň, gaýgyly
gözlerinde agyr pikir, ýalandan
ýylgyranam bolýar ýogsa käbiri,
ýöne belli ynanmaýar hiç biri
başga bir ýol ýa ýoda bar bu çakda,
dag ýodasy, düz ýodasy, parhy ýok,
öňden çykjak, boljak, belki, sowulyp,
ynanmaýar olar başga bir durmuş
bardyr diýip, içi, daşy owulyp,
gaçyran dek bar ysgyny, mydaryn,
ýöne alla bardyr, ynanýar käsi,
umyt edýär, alyp berer ol aryn
kemsidilen, basgylanan illeriň,
olaryň ählisi, bary gorkuda,
öleni, öljegi, diri gorkuda,
doguljagy, ýatgysynda enäniň,
gara gorkyň gujagynda ulalýar,
pyşyrdysyn diňläp ene-atanyň,
bu ne ýoldur, bu ne ýoda, gutarmaz,
pikir etseň gaçyp, geljek däl janyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024