Urup aglaýan
Görüp durup seniň görýän görgiňi,
sütemiňi töhmetçiniň elinden,
ýa dilinden, ýurtdan gaçyp çykaňsoň,
dymanlardan gaty görme hiç zady,
bagty ýatan tire gorkar özünden,
öz çagasyn ýa-da ene-atasyn
goramaýan seni goramaz, düşün,
soramaz ol seniň halyň, çekiner,
emma bilýän, türme gapysyn gören,
aýralygy gören, gaçan ýurdundan,
çagalaryn alyp, ýa-da çagasyz,
gözenegiň arkasyny görmedik,
düşüp galan çöküp başlan gämiden,
özüň ýaly adam, ýat ilde, ýeke
ýaşamagyň nämedigin aňlaýan,
kä gijeler sesli, sessiz aglaýan,
saňa sögülende heşelle kaksa,
aýyp gözläp okap çyksa gazeti,
düýnki çykan, iberilen gyssagly,
gürrüň etse hezil edip, ýylgyryp,
geň gör, ýöne düşün adam kim, näme,
tanajak bol mydam agalany urup.