Agyr ýagdaý

Olara dirikä ildeş gerek däl,
ýat illerde, kime näme bolmajak,
watandaşy, arkadaşy derkar däl,
gaçýar olar ady çykan adamdan,
gargy gören serçe ýaly, daljygyp,
ýagşy, ýaman, tanajagam bolmaýar,
belli bilen bozan bolsa arasyn,
kim öň satsa, meger, geçýär şonuňky,
işi, derdi, näme diýýär, diýmeýär,
düşünjek ýok watandaşyň diline,
ýöne bir gün ölýär, kim barmyş galjak,
busup ýaşan, tanalmadyk bende-de,
gazana ýanaşsam, garasy ýokar,
ýamana ýanaşsam, ýarasy ýokar,
ata-baba nakyly kän, akyl kän,
seresap bolmaly, agyr zamana,
ýöne jennet jaýy gerek gidene,
öz topragy, dogan-gardaş ses edip,
egne alyp äkitseler ol oba,
her ynsanyň ýürekdäki arzuwy,
herhal muňa kömek gerek, birleri,
bilmeýärsiň kimdigini, ady ýok,
ýa suraty, diýýär ýardam edeliň,
emma kömek haýal gelýär, bady ýok.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024