Dar adamyň daýanjy

Sen urgyny öz üstüňe alýarkaň,
içi gülýän adam ýaşamaz gowy,
tesellisi garşy bolar özüne,
ezileniň biri bolar alaçsyz,
ýa-da sähel güni gowy entejik,
dabaranyň dady, tagamy gowy,
boýun almaz zäk guýulsyn gözüne,
goja bolsun, gar dek agarsyn başy,
ýa ýaş bolsun, ýetik murtunyň towy,
güni gün däl gyradaky gybatçyň,
akyl satýan barmagyny çommaldyp,
diýen bolýan gedaý boljak ilimde,
öz ilimiň tikenine döneýin,
ýat illerde ýitirmesin ýaradan,
özi galjak ýaly tohumlyk ilde,
gürrüň tapar iş gelmeýän elinden,
bil agyrmaz orak orulsa dilde.

Sen urgyny öz üstüňe alýarkaň,
tomaşaçsy bolýan ýaşamaz gowy,
soraýarkaň ulus-iliň hukugyn,
goraýarkaň enesini, atasyn,
bolsa bolsun ýetik murtunyň towy,
bilip durup, görüp durup ýagdaýy,
seniň eneň ölse, heşelle kakýan,
seniň ataň ölse, heşelle kakýan,
tabytlaryn götermedi egnine,
görünip bimedi ýerine diýýän,
gidenlere diýýän ýasy agysyz,
ýat illerde galar diýýän ählisi,
ýa-da gelseň, ýol açylsa, iliňde,
obaňda aýlansaň ýasly öýlere,
eneň mazaryna zyýarat etseň,
ataň mazaryna zyýarat etseň,
many gözläp öz gözünden, gowy däl,
öz awusyn içip, ýürekde üýşen,
töhmet atýan öňküsinden has beter,
has erbet çukuryň içine süýşer.

Ol urgyny öz üstüne alýarka,
erki üçin uruşýarka gan döküp,
diňe özün, öz ilini gorap däl,
içi gülýän adam ýaşamaz gowy,
diýen bolýan şükür, bizden uzakda,
bolsun mydam asmanymyz arassa,
guş ölenok top-tüpeňiň sesinden,
kimmişiň sen gara güýjüň öňünde,
bolan bolup başgalardan akylly,
özbaşyna ýaşajakmyş erkana,
ösjekmişin ösenlere goşulyp,
hanha, ahyr näme boldy göreni,
goşun çekdi öz goňşusy üstüne,
hudaý bize görkezmesin bu ýowy.

Kül üstünde, kap dagynyň gepinden
ýadamadyk adam ýaşamaz gowy,
sähel siňe mantygyna seretseň,
ýaşajak ol ömrün ogry dek sowup,
gulçulygyň tarapdary, hossary,
gowy dälmiş öz erkiňe ýaşamak,
ýa ýaşajak bolmak, zynjyryň gyryp,
bir asyr däl, has artykmaç süýrelen,
gowak gowy, çykjak bolmaň, adamlar,
hiç ynanmaň ýagtylygy öwýäne,
şu günümiz gowy diýer gutaran,
geregi ýok oňa başga gürrüňiň,
ýagdaýy ýok üşük gözün açmaga,
dar adamyň daýanjy bor dabara,
goýbermez ol ýanýan jaýdan gaçmaga.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024