Meýletin gulçulyk
Seniň gulçulygyň, ýa guldan beter,
öz ýurduňda, ýat illerde ölmegiň,
mertebäňi gorap bilmän hiç haçan,
ezijiler gülüp-oýnap gezýärkä,
bagşy bolup, ýa sazanda, ýa aşpez,
ýa-da mesiň odunyny daşaýan,
ýa hammamda arkasyny gaşaýan,
ýa-da tomaşaçy, bilmedik bolýan,
belki, eneň, ataň bilen birlikde,
saňa diýen hiç goşulma, daşda dur,
seniň günäň, günäsi däl geçmişiň,
ozal, ata-babam, ýaragy asgyn,
basyp alnan ýurdy galdyrdy miras,
erksiz iliň ogly boldum alaçsyz,
diýip özüň aklama sen ejizläp,
seniň gulçulugyň seniň saýlawyň,
el-aýagyň abat dogulan bolsaň,
gybat edýän bolsaň göreşe çykyp,
ýykylanyň ýeňsesinden, aýnada
görüp bilmän özüň ýüzüňe bakyp...