Surat

Biziň tapawudymyz

Başga ilde, ýurtda, tire-taýpada
okan zady bilen öwünýär adam,
diňe okap, düşünibem goýmaýar,
gürrüň berýär başgalara begenip,
biziňki tersine, öwünýär adam,
men ony-da okamadym hiç haçan,
men muny-da okamadym hiç haçan,
synaglardan geçdim hile, al bilen,
diýýär senem okap ýörme kösenip,
gözüň kökün gyryp, ölüp gidersiň,
kime aýtjak, düşünjek ýok barybir,
başga ilde başga-başga pikir bar,
biziň iliň syrtmagy bir, dary bir.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024