Samsygyň etjek zady
Samsygyň kän, ýene, ýene
gürläsi ger, gürlesin, goý,
aýtsyn içde baryn, ýogun,
eşidenin täze, köne,
üzlem-saplam, bulam-bujar,
manysy ýok o diýen kän,
sary towuk saman seçer,
öz aýbyny özi açar,
ýöne diňläň sabyr ýetse,
çydasaňyz, ýa wagtyňyz
artyk bolsa özüňizden,
samsygyň kän aýtjak zady,
düşünmese, üýşenmese,
siz kim, näme, gözüňizden.