Açylan millet
Ýapyk millet, lakamyna bukulyp,
internetde açýar özün gapy dek,
gulpy döwük, ýa hiç haçan bolmadyk,
iki sözüň başyn çatyp bilmeýän,
her sözünde harp ýalňyşyn hatarlap,
haýbat atýar özi ýaly atsyza,
diýýär gapy gulum ederin seni,
bu arzuwy, belki, guluň gulunyň,
gemre baglap ýatan, diýeni bolman,
wezipe ýeteni, emel ýeteni,
garny doýsa, göwni, gözleri dolman,
alyp bolýan ýerde alyp bar zady,
bar niýetin açdy birçak, derweze,
ýa materik açan ýaly, gomalyp,
türmä barýan ýolda gaýşaryp, çişip,
ýapyk millet açýar özün ýaşynyp,
başda azdy, indi birleşip, üýşüp.