Bahyllyk çukury
Seniň ömür azabyňy bir sözde
gara şaýy etjek bolar gömükler,
göreşiňi puja çykarjak borlar,
ýok etjek bor işiň bilen yhlasyň
adyň, soruň galmaz ýaly yzyňda,
bahyllyk bor baş ýagysy çökeniň,
galyp bilmän, ýaşaýanyň dyzynda,
ýesir düşse, boşap bilmez adamlar,
beýnisinde türme gurar, çykylmaz,
haýatlary daş, demirsiz, ýykylmaz,
onsoň onuň bir başarjak pişesi,
oňa, muňa şyltak atar içinden,
gözenegiň arasyndan seredip,
ynanarlar oňa özünden beter,
ynanasy gelýän gara gürrüňe,
gömük süri, sykylyklap bakylan,
il görmesin başgalardan basylsa,
ozal özi çukur gazman ýykylan.