Ejizlik
Başgalara diýilýärkä içaly,
adam satan, bulaşdyran köp ýeri
(kime näme diýilmedi, diýilmez?),
ýa tapýarka iň bolgusyz gepleri,
öz gözünden, ýüreginden seredip,
onuň, munuň ýeňsesinden, assyryn
awy, zäher sowurýarka az-kemden,
dünýä öňem gelen ýaly parahat,
ýüzüň solsa, içi gülýän adamyň,
boluşun gör garalansa öz ady,
diňle özün aklap aýdýan sözlerin,
çaga ýaly, düşegine buşugan,
synla onuň urunyşyn çar ýana,
haraý gözläp gözlemesiz ýerlerden,
hiç jaý ýa-da otag tapman janyna,
mesge çalnan ýaly, begenip ýaşan,
başga birin agyrtsalar, nanyna,
gelip bir gün garalansa öz ady,
käşgä ozal ýaralanan adam ýok,
serediň, asmany agladar dady.