Göýdügiň arzuwy
Sen göýdüge, gaçyp-tezip gutulan,
näçe jan et, düşündirip bilmersiň,
edýän işiň manysyny, mantygyn,
meni akla, arşa çykar diýer ol,
diýer akla dogan-gardaş, hossarym,
ejir çekdi, ejir çekýär, bilýärsiň,
türmesinde dünýä belli ganhoryň...
Sen diýersiň hiç adamy aklara,
garalara ýagdaýym ýok, işim bar,
ýöne bolsa, anyk zady ýazaýyn,
yzarlaýyn soňuna çen ömrümiň,
emma seni, ony öwüp biljek däl,
ýa birlerin bilmän döwüp biljek däl,
bilip durup bütin ili, milleti,
geçen ýolun adamlaryň bir-birin
itip, basyp, ýesir etse begenip,
öwjek bolsam, bu günlere düşmezdim,
aslyşardym uzyn donundan begiň...
Ýok, ol haýbat atýar, tapyp kemiňi,
açyp, seçip, dünýä gülki etjekmiş,
öňem biri synanyşdy diýýärsiň,
diňlemeýär, öçürýärsiň depderden,
petikleýäň sesi gelýän ýerleri,
hat-habary görünmesin, gelmesin,
adam pahyr görjek eken zady,
ýaşap ýörse, işin etse, ölmese...