Aňsat kynçlygy
Aýn Randyň äheňinde
Dogry, göz ýum hakykata, aňsady,
ýeňil bolar, kän ozalam sen ýaly,
saýlap alan körler üçin ak ýoly,
ýene bolar, ýöne yzy bar munuň,
hakykata göz ýummagyň jogaby,
netijesi gelýär yzyndan onuň,
käte juda agyr, kesgin netije,
göýä soňy gelmez garaňky gije,
agla, agyň tutsa, ýüregiň gyssa,
gelmese ýa ýetişmese hiç hudaý,
dogry, menem biraz kömek ederin,
aglaşaryn ýanyň bilen ses edip,
ýa-da sessiz, goşgy-poşgujyk bilen,
oturaryn gapdalyňda, golaýda,
eger aýakýeter arada bolsam,
ýöne her zat bolup biler, gelmesem,
ýetişmesem gaty görme, nalama,
hala dostum, hala naçar doganym,
eli demir bolýar, gark bolsa, barsaň,
gyssanjyna bokurdakdan boganyň.